«Tottenhem» Keýn üçin 100 million ýewro isleýär

12.08.2023, 11:335,961

Angliýanyň «Tottenhem» futbol topary hüjümçi Garri Keýniň Mýunheniň «Bawariýa» toparyna geçmegine razylyk berdi.

Bar bolan maglumatlara görä, iňlis topary özüniň kapitany üçin 100 million ýewrodan gowrak baha isleýär. Ozal «Tottenhem-iň» «Bawariýa-dan» gelen 100 millionlyk teklibi ret edendigi habar berlipdi. Şondan soňra mýunhenliler transferiň bahasynyň üstüne ýene 10 million ýewro goşdular. Geçip-geçmezligi baradaky çözgüdiň oýunçynyň özüne galandygy bellenilýär.
Keýn «Tottenhem» toparynyň düzüminde 2011-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Onuň şertnamasy 2024-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. Hüjümçi toparyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçydyr. Ol dürli çempionatlarda jemi 280 pökgi geçirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.