Türkmen türgenleri Gyrgyzystanda geçiriljek Sambo boýunça dünýä kubogyna gatnaşarlar

17.08.2023, 08:226,812

19-20-nji awgustada Çolpon-Atada (Yssyk-Köl welaýaty, Gyrgyzystan) zenanlaryň we erkekleriň arasynda sambo boýunça halkara ýaryş geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşar diýip, sport.gov.kg habar berýär.

Sambo boýunça dünýä kubogynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport we söweşjeň sambo boýunça medallar ugrunda bäsleşiler.
Çolpon-Atada geçiriljek ýaryşa Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Mongoliýadan, Hytaýdan, Kamerundan, Horwatiýadan, Gruziýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Fransiýadan, BOlgariýadan, Ysraýyldan, Ermenistandan, Indoneziýadan, Russiýadan (FIAS 1) we Belarusdan (FIAS 2) samboçylar gatnaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.