«Mançester Siti» «Sewilýany» ýeňip, ilkinji gezek UEFA-nyň Super kubogyny aldy

17.08.2023, 08:5612,135

Angliýanyň "Mançester Siti" futbol kluby UEFA-nyň Super kubogy ugrunda geçirilen oýunda Ispaniýanyň "Sewilýa" toparyny utdy. Gresiýanyň Pireý şäherinde geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Sewilýa kluby Ýussef En-Neseriniň golundan soň (25-nji minut) öňe saýlandy, hasaby Koul Palmer deňledi (63-nji minut).

Penalti tapgyrynda Angliýanyň topary güýçli geldi - 5:4.
Oýundan öň oýunçylar Gresiýada Zagrebiň "Dinamosynyň" horwatiýaly janköýerleriniň gatnaşmagynda bolan köpçülikleýin bidüzgünçilikde aradan çykan AEK-nyň oýunçysyny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar.
"Mançester Siti" taryhda ilkinji gezek UEFA-nyň Super kubogynyň eýesi boldy. Geçen möwsümde angliýaly klub Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. "Sewilýa" 2006-njy ýylda UEFA-nyň Super kubogyny aldy, geçen möwsümde ispaniýalylar Ýewropa ligasynda ýeňiş gazandylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.