Gazagystan 2026-njy ýa-da 2027-nji ýylda Futbol boýunça Ýewropa çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

17.08.2023, 19:0513,392

Gazagystan 2026/27-nji ýyllarda Ýetginjekleriň futbol boýunça Ýewropa çempionatyny (19 ýaşa çenli oýunçylar) geçirmek üçin ýüz tutdy. Muny Gazagystanyň futbol federasiýasynyň (KFF) prezidenti Adlet Barmenkulow habar berdi.

“2026/27-nji ýyllarda Ýewropanyň ýetginjekler çempionatyny (19 ýaşa çenli) geçirmek barada ýüz tutuldy, onda ýaryşlary iki şäherde – Alma-Atada we Çimkentde guramak teklip edildi. Eýýäm sentýabr aýynda bu meseläniň jogabyny alarys” diýip, KFF metbugat gullugy onuň sözlerini getirýär.

Barmenkulow 2022-nji ýylda Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşiginiň (UEFA) 19 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Ýewropa çempionaty-2022/23-iň  saýlama ýaryşlarynyň oýunlaryny  geçirmegi Gazagystana ynanandygyny ýatlatdy.

Onuň sözlerine görä, çempionat "Alma-Atada üstünlikli geçirildi we bu ýurduň ýokary hilli halkara çärelerini guramaga ukyplydygyny tassyklaýar".

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.