Lionel Messi MLS + MX Ligalaryň kubogynyň iň gowy bombardiri boldy

20.08.2023, 23:0315,671

MLS + MX Ligalaryň kubogynyň “Neşwill” bilen “Inter Maýaminiň” arasynda geçirilen final oýny tamamlandy. Toparlar Neşwilldäki “Geodis Park” stadionynda oýnadylar. Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanyp, penalti tapgyry geçirildi. “Inter Maýaminiň” oýunçylary has güýçli bolup, MLS + MX Ligalaryň kubogyny gazandylar.

Belläp geçsek, şu günki oýnuň dowamynda Messi ilki birinji taýmda gol geçirip, soňra penaltide pökgini tora girizip tapawutlandy. Şeýlelik bilen, Lionel Messi ýaryşda 10-njy goly öz hasabyna ýazdy we MLS + MX Ligalaryň kubogynyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy diýip, championat.com habar berýär.
Onuň ýakyn bäsdeşi Bongokule Hlongwanyň hasabynda ýedi gol bar.
Ýatlap geçsek, Messi professional karýerasynda 44-nji kubogyny gazanyp, taryhda iň köp titula eýe bolan futbolçy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.