«Merw» kluby täjikleriň «Hujandyny» ýeňip, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder

23.08.2023, 10:2317,539
1 / 2

AFK-nyň kubogynyň pleý-off tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Mary şäheriniň “Merw” topary myhmançylykda Täjigistanyň “Hujand” toparyndan üstün çykdy. Esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşygyň goşmaça wagtynda “Merw” garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. “Merwe” ýeňiş getiren toplary Murat Ýakşiýew (54-nji minut) bilen Myrat Öwezmyradow (114-nji minut) geçirdiler.

Şeýlelikde, Mary şäheriniň topary  AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Mary şäheriniň toparynyň toparçalaýyn bäsleşikdäki garşydaşlary Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”, Täjigistanyň “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” toparlary bolar.
AFK-nyň Kubogy-2023/24-iň Merkezi Aziýa sebitindäki toparçalaýyn bäsleşigi şu ýylyň 20-nji sentýabry bilen 14-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.