Aşgabatda 68-nji belgili awtobusyň gatnaw ugruna üýtgeşmeler girizildi

24.08.2023, 18:0517,609

26-njy awgustdan «Bagyr — Altyn asyr gündogar bazary» ugry boýunça gatnaýan 68-nji belgili awtobusyň gatnaw ugry üýtgär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Üýtgeşmä laýyklykda, bu ugur boýunça awtobuslar «Bagyr» belleniş nokadyndan ugrap, Görogly köçesi boýunça hereket edip, Döwletli köçesinden (Gurtly ýaşaýyş toplumyna) Gurbansoltan eje şaýolyna tarap herekedini dowam edip, Taslama köçesi bilen Magtymguly şaýolyndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen «Altyn asyr gündogar bazaryna» barar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.