Lionel Messiniň ogly “Inter Maýami” akademiýasynyň oýunçysy boldy

28.08.2023, 19:4322,807

Ýedi gezek “Altyn topuň” eýesi Lionel Messiniň ogly Týago Messi “Inter Maýamä” goşuldy. Bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.

11 ýaşly Týago – Lionel Messi bilen onuň aýaly Antonella Rokussonyň uly ogly. Ol “Inter Maýami” klub akademiýasynyň oýunçysy hökmünde hasaba alyndy – ol 12 ýaşa çenli oýunçylar üçin toparda oýnar.
Häzirki möwsümde Lionel Messi ähli ýaryşlarda “Inter Maýami” üçin dokuz oýna gatnaşyp, öz hasabyna 11 gol we üç netijeli geçirim ýazdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.