Türkmen türgenleri Astanada taekwando ITF boýunça dünýä çempionatynda iki medal gazandylar

30.08.2023, 16:3814,174

Astanada geçen taekwondo boýunça ITF  dünýä çempionatynda türkmen türgenleri iki sany - bir altyn we bir bürünç medal gazandylar.

Altyn medala Mary welaýatyndan üçünji danyň gara guşagynyň eýesi (taekwondodaky birinji, ikinji we üçünji danlar ussatlygyň başlangyç derejesi hasaplanýar) Orazmyrat Çaryýew mynasyp boldy.
Mary welaýatyndan başga bir türgen, dördünji danyň gara guşagynyň eýesi Annamyrat Goşanyýazow bürünç medal aldy. Dördünji dany almak üçin türkmen türgeni ýazmaça görnüşinde hökmany teoretiki synagdan geçdi.
Dünýä çempionatynda türkmen wekiliýetine 13 adamyň, şol sanda 10 türgeniň wekilçilik edendigini bellemelidiris.
Toparlaryň umumy medal sanaşygynda bu sporty esaslandyryjy - Demirgazyk Koreýa öňdeligi eýeledi. Ikinji orny rus topary eýeledi. Gresiýanyň topary ilkinji üçlügi jemledi.
Astanada geçen ITF dünýä taekwondo çempionaty 82 ýurtdan müňe golaý türgeni ýygnady. Dünýä çempionaty bilen bir wagtda ITF Halkara federasiýanyň kongresi hem geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.