Singapurda täze Prezident saýlandy

02.09.2023, 10:4510,813

Singapuryň prezident saýlawlarynda ýurduň premýer ministriniň öňki orunbasary Tarman Şanmugaratnam ýeňiji boldy. Bu barada The Straits Times neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Şanmugaratnam sesleriň 70,4%-ini, onuň bäsdeşleri Ng kok Songa we Tan Kin Liana, degişlilikde, 15,72% we 13,88%-ini aldy.

«Onuň prezidentiň wezipe borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn» diýip, Singapuryň premýer ministri Li Sýanlun Şanmugaratnamyň ýeňşi barada aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.