Apple noutbuklarynyň iki sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi

03.09.2023, 16:266,243

Apple korporasiýasy iki sany meşhur noutbugyny könelişenleriň sanawyna geçirdi. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär.

Sanawda 2015-nji ýylda çykan 15 dýuýmlyk MacBook Pro bar. Şeýle hem 13 dýuýmlyk MacBook Pro 2017 könelen diýip bilindi. Kompaniýa enjamlary soňky gezek satuwa çykarylandan bäş ýyl soň könelişen diýip ykrar edýär.
Maglumatda Apple hyzmat merkezleriniň işgärleriniň köne enjamlara hyzmat etmekden we olary abatlamakdan ýüz öwrüp biljekdigi aýdylýar. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň çözgüdi ätiýaçlyk şaýlarynyň barlygyna baglydyr.
Žurnalistler 15 dýuýmlyk MacBook Pro markasynyň iň köp gözlenýän kompýuterleriň biridigini bellediler. Enjamyň 2015-nji ýylda hödürlenendigine garamazdan, Apple ony diňe 2018-nji ýylda satmagy bes etdi. Şeýle hem, awtorlar täze macOS Sonoma operasiýa ulgamynyň MacBook Pro 2018  modeline we has täze modellelere laýyk gelýändigini ýatlatdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.