«Mançester Ýunaýtediň» paýnamalary 2012-nji ýyldan bäri rekord derejede pese düşdi

07.09.2023, 23:5910,911

«Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň paýnamalary geçen söwda möwsüminde rekord derejede pese düşdi diýip, «Bloomberg» habar berýär.

Bu pese düşüşe klubyň eýeleriniň – Gleýzerler maşgalasyndan bolan amerikan telekeçileriň klubyň satuwdan çykarylýandygyny habar bermekleri sebäp boldy.
Şondan soň klubuň paýnamalary 21% arzanlady, bu soňky 11 ýylda iň güýçli pese gaçyşdyr. Umuman alanyňda, «Mançester Ýunaýtediň» paýnamalarynyň bahasy 700 million dollar azaldy.
Häzirki wagtda britan klubynyň umumy maýasy 3,9 milliard dollara deňdir.
Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) dört tapgyrdan soň, «gyzyl şeýtanlar» mümkin bolan 12 utukdan 6 utuk toplap, 11-nji ýerde barýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.