Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi

21.09.2023, 01:2115,739

20-nji sentýabrda Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Serdar Berdimuhamedow Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistana ugrady. Aşgabada çenli köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, döwlet Baştutanynyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy.

Belläp geçsek, Nýu-Ýorkda saparda bolmagynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan Metropoliten sungat muzeýinde resmi kabul edişlige gatnaşdy.
Metropoliten sungat muzeýiniň (The Metropolitan Museum of Art)  dünýäniň iri sungat muzeýleriniň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Ol 1870-nji ýylda esaslandyryldy we bu ýere gelýänler üçin gapylaryny ilkinji gezek  1872-nji ýylyň fewralynda açdy. Amerikan arhitektorlary Kalwert Wo we Jeýkob Mold tarapyndan neogotik ýörelgesi esasynda taslamasy işlenip düzülen “Metropoliten” özüniň häzirki binasyna 1880-nji ýylda göçüp bardy. Bu bina bäşinji Awenýuda ýerleşýär.
Häzirki wagtda muzeýde millionlarça eserler saklanýar.  Onda Gadymy Müsür, Gadymy grek we rim sungatynyň eserleriniň uly toplumlary, Ýakyn we Uzak Gündogaryň sungaty we medeniýeti, şeýle hem yslam sungaty boýunça gymmatlyklaryň  giň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde Aziýanyň we Afrikanyň, Okeaniýanyň we Amerikanyň halklarynyň sungaty hem giňden görkezilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.