Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde iki basgançak aşak düşdi

21.09.2023, 14:5623,912

FIFA resmi saýtynda 21-nji sentýabrda milli ýygyndy toparlaryň täzelenen sanawyny çykardy. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňki20-nji iýuldaky sanawdaky ýerinden iki setir aşak düşüp, 140-njy orny eýeledi. Häzirki wagtda milli ýygyndymyz 1086 utuk toplap, Ruanda bilen Burundiniň arasynda ýerleşýär.

Belläp geçsek, sentýabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy myhmançylykda Indoneziýadan 2:0 hasabynda utuldy. 12-nji sentýabrda BAE-de Bahreýniň milli ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk bolsa 1:1 hasap bilen deňme-deňlikde tamamlandy.
Argentina sanawda dünýäniň lideri bolmagyny dowam edýär.

Reýtingde ilkinji onluk şundan ybarat:

  1. Argentina
  2. Fransiýa
  3. Braziliýa
  4. Angliýa
  5. Belgiýa
  6. Horwatiýa
  7. Niderlandlar
  8. Portugaliýa
  9. Italiýa
  10. Ispaniýa
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.