Ispaniýa klimatyň üýtgemegine garşy göreş üçin 262 mln ýewro bölüp berer

23.09.2023, 17:387,547

Ispaniýanyň häkimiýetleri howanyň üýtgemegine garşy göreşde kömek etmek üçin 262 mln ýewro töweregi bölüp berer. Report agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada patyşalygyň hökümet baştutanynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji Pedro Sançes BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen çärede aýtdy.

“Biz klimatyň maliýeleşdirilmegi boýunça öz wezipe borçlarymyzy güýçlendirmek isleýäris. Şonuň üçin men ýaşyl klimat gaznasynyň ikinji doldurylyşyna 225 mln ýewro möçberinde goşant goşjakdygymyzy habar bermäge şat” – diýip, Sançes belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Madrid tarapyndan bölünip beriljek ýene 20 mln ýewro halkara “uýgunlaşma gaznasyna” gider.
Mundan başga-da, Pedro Sançes Ispaniýanyň “klimat adalatlylygyna ýardam etjek gurallara” 17 mln ýewro gönükdirjekdigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.