Täze iPhone 15 awtoulagda zarýad berilmegi sebäpli zeperlenip biler

06.10.2023, 08:4612,929

Käbir «BMW» ulaglarynyň eýeleri «iPhone 15 Pro» we «15 Pro Max» smartfonlaryna awtoulagda simsiz zarýad berlende çynlakaý mesele bilen ýüzbe-ýüz boldular. Zarýad berlenden soň, «NFC» we «Apple Pay» smartfonlarda işlemegini bes edýär diýip, MacRumors portaly habar berýär.

Ulanyjylaryň bellemeklerine görä, awtoulagda zarýad alandan soň, smartfonlar maglumatlary dikeltmek üçin kompýutere birikdirilmelidigini talap edýän duýduryş görkezýärler. Enjam täzeden açylandan (perezagruzka) soň, gaýtadan iş ýagdaýyna gaýdyp gelýär, ýöne «NFC» modulynda näsazlyk döreýär. «Wallet» ykjam goşundysy «Could Not Set Up Apple Pay» («Apple Pay-y» gurnamak başartmady») diýen duýduryşy görkezýär. Bu mesele smartfony täzeden açmak ýa-da başky sazlamalaryna getirmek arkaly hem çözüp bolmaýar.
«Apple-iň» wekilleri kepillik boýunça eýýäm işlemeýän «NFC» ulgamy bolan birnäçe enjamy çalyşdy, ýöne entek bu mesele barada resmi düşündiriş bermedi. Şeýle hem «BMW-den» awtoulag eýeleri üçin düşündiriş ýa-da maslahat gelmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.