Türkmenistanyň milli ýygyndysy BAE-niň häzirki çempiony «Şabab Al-Ahliden» ýeňildi

16.10.2023, 17:3824,255

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde BAE-niň Premýer-ligasynyň ýaryş tertibinde birinji orunda barýan «Şabab Al-Ahli» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda 4:1 hasabynda ýeňildi. 

Türkmen ýygyndysyndan ýeke-täk goly 11 metrlik jerime urgusyndan Myrat Annaýew geçirdi.
Mundan öň, Türkmenistanyň milli ýygyndysy BAE-niň «Dubaý Ýunaýted» klubuny 3:1 hasabynda ýeňdi.
18-nji oktýabrda Mergen Orazowyň şägirtleri BAE-niň «Ajman» klubuna garşy jemleýji duşuşygyny geçirer we bu ýurtda okuw-türgenleşigini tamamlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.