Raşid Meredow Pekinde hytaýly kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

16.10.2023, 18:2111,186

Duşenbe güni, 16-njy oktýabrda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pekinde Hytaýyň daşary işler ministri Wan I  bilen duşuşyk geçirdi.

Hytaý ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ony täze derejä çykarmak üçin Türkmenistan bilen işlemäge taýýar. «Bir guşak — Bir ýol» başlangyjyny bilelikde gurmakda Türkmenistan esays hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar, Türkmenistanyň «Bir guşak — Bir ýol» halkara hyzmatdaşlyk boýunça üçünji forumyna gatnaşmagy bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berer. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.