Apple USB-C porty bolan stilusyny tanyşdyrdy

20.10.2023, 09:486,728
1 / 2

«Apple» «iPad» planşetleri üçin niýetlenen täze «Pencil» stilusyny yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda habar berilýär.

Enjam kompaniýanyň 2018-nji ýylda hödürlän «Pencil 2» stilusyndan USB-C portunyň bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, ol «iPhone-dan» we «iPad-dan» zarýad alyp bilýär. Mundan başga-da, bu aksesuary magnit arkaly planşetip korpusyna berkidip bolýar.
Täze enjam bahasy 129 dollar bolan «Pencil 2-den» arzandyr. USB-C porty bolan «Apple Pencil» 79 dollara satylar. Şonuň üçin onuň birnäçe öňdebaryjy funksiýalary ýok – basyşa duýgurlygy ýok, iki gezek basmak mümkinçiligi ýok we simsiz zarýad alyp bilmeýär.
Stilus 10-njy nesil «iPad», 6-njy nesil «iPad mini», 4-nji nesil «iPad Air», «iPad Pro» we has täze planşetlerde işleýär. Enjam noýabr aýynyň başynda satuwa çykarylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.