ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2023-24-nji ýyllar üçin Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşy boýunça çaklamasyny hödürledi

27.10.2023, 13:0311,076

2023-nji ýylda Türkmenistanda nebitiň we beýleki suwuk uglewodorodlaryň gazylyp alnyşy günde ortaça 0,27 mln barrele barabar bolar diýip, Trend habar berýär.

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) nebit bazaryna beren synynda bellenilişi ýaly, ýurtda nebit önümçiligi baradaky çaklama geçenki hasabat bilen deňeşdirilende üýtgewsiz galýar.
Hasabatda 2024-nji ýylda Türkmenistanda nebitiň we beýleki suwuk ugleworodlaryň gündelik önümçiliginiň çaklanylýan möçberi durnukly bolup, 0,27 mln barrel bolar.
Mundan başga-da, EIA-nyň hasabatynda 2022-nji ýylda Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşynyň bir günde 0,26 mln barrele ýetendigi bellenilýär.
Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanda umumy nebit önümçiligi 8,9 mln tonnadan gowrak boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 7,3% azdyr, şonda 9,6 mln tonna nebit gazylyp alnypdy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, ýurduň uglewodorod baýlyklary 71 mlrd tonna nebit ekwiwalentinden gowrak diýlip hasaplanylýar. Bu möçber 20 mlrd tonnadan gowrak nebiti we 50 trln kub metrden gowrak tebigy gazy öz içine alýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.