“Mançester Siti” ýylyň iň gowy topary boldy

31.10.2023, 10:348,123

“France Football” žurnaly tarapyndan Angliýanyň “Mançester Siti” topary yzygider ikinji gezek ýylyň iň gowy topary diýlip ykrar edildi. Geçen möwsümde topar Angliýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogynda ýeňiş gazandy hem-de Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Iň gowy zenan topary hökmünde Ispaniýanyň “Barselonasy” saýlandy. Kataloniýanyň kluby La Ligada, Ispaniýanyň Super kubogynda, şeýle-de Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.