Türkmenistan Azerbaýjanyň üsti bilen dünýä bazaryna tebigy gazyny eksport edip biler

03.11.2023, 07:477,774

Türkmenistan Azerbaýjanyň üsti bilen dünýä bazaryna tebigy gazyny eksport edip biler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitinde eden çykyşynda belledi diýip, Trend agentligi ýetirýär.

«Biz şeýle hem doganlyk Azeraýjanyň üsti bilen elektrik energiýamyzy hem eksport edip bileris» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde Aşgabadyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky başga-da birnäçe pikirlerini beýan edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.