2000-nji ýyllaryň esasy futbol nyşany saýlandy

04.11.2023, 17:1620,083

Ispaniýanyň “Barselonasynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Ronaldino “FourFourTwo” žurnaly tarapyndan 2000-nji ýyllaryň esasy futbol nyşany hökmünde saýlandy. Sanaw neşiriň resmi saýtynda hödürlendi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Ronaldino Braziliýanyň milli toparynyň düzüminde 2002-nji ýylyň dünýä çempionydyr. Ol 2004-nji we 2005-nji ýyllarda Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. 2005-nji ýylda “Altyn topuň” eýesi boldy. Ol dürli döwürlerde “Gremio”, “Flamengo”, “Atletiko Mineýro”, “Fluminense”, “Pari Sen-Žermen” we “Milan” üçin çykyş etdi. Ronaldino 2018-nji ýylda karýerasyny tamamlady.
2000-nji ýyllaryň esasy futbol nyşanlarynyň ilkinji onlugy:

  1. Ronaldino (Braziliýa);
  2. Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa);
  3. Týerri Anri (Fransiýa);
  4. Aleks Fergýuson (Şotlandiýa);
  5. Ronaldo (Braziliýa);
  6. Zinedin Zidan (Fransiýa);
  7. Lionel Messi (Argentina);
  8. Ueýn Runi (Angliýa);
  9. Žoze Mourinýu (Portugaliýa);
  10. Dewid Bekhem (Angliýa).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.