AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Ahal» öz meýdançasynda «Pahtakor» bilen deňme-deň oýnady

07.11.2023, 23:1717,114

«Aşgabat» köpugurly stadionynda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň «A» toparçasyndaky dördünji tapgyryň çäklerinde «Ahal» futbol topary Özbegistanyň «Pahtakoryny» kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady.
Ikinji ýarymyň 81-nji minudynda Alibek Abdyrahmanow türkmen klubuny öňe çykardy — 1:0.
Duşuşygyň esasy wagtyna goşulan wagtyň bäşinji minudynda H.Erkinowyň tapawutlanmagy bilen hasap deňlendi. Şeýlelikde, duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
Şu duşuşykdan soň türkmen topary utuklarynyň sanyny dörde ýetirdi.
«Ahal» indiki tapgyrda 28-nji noýabrda myhmançykykda «Al-Feýha» saud kluby bilen duşuşar. «Pahtakor» BAE-den «Al-Aýn» bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.