Messi kibersport toparynyň şärikdeş eýesi boldy

10.11.2023, 08:4210,283

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi öňki topardaşy Serhio Aguero tarapyndan esaslandyrylan Kru Esports kibersport toparynyň şärikdeş eýesi boldy.

Aguero toparyň Instagram sahypasynda ýerleşdirilen wideoýazgyda: "Men indi Kruwyň eýesi däl, sebäbi biz indi iki bolduk" - diýdi.  Agueronyň sözlerinden soň kadrda Messi peýda bolýar.
Koronawirus pandemiýasy wagtynda Aguero kompýuter oýunlary bilen meşgullanýan Twitch wideo akym hyzmatynda işjeňlik bilen ýaýlym alyp barmaga  başlady. 2020-nji ýylda özüniň Kru Esports atly kiber toparyny döretdi.
2021-nji ýylyň gyşynda Aguero saglyk ýagdaýy bilen bagly karýerasyny tamamlady. 10 ýyllap ol iňlis “Mançester Siti”-siniň düzüminde oýnady. Şeýle hem Aguero Ispaniýanyň “Atletiko”-synda we Argentinanyň “Independent”-inde oýnady. Ol olimpiýa çempiony (2008), Dünýä çempionatynyň finalçysy (2014) we Amerikanyň kubogynyň eýesi (2021).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.