Holand 24 ýaşa çenli ÇL-däki gollarynyň sany boýunça Messiden öňe geçdi

10.11.2023, 08:5812,092

Erling Holand 24 ýaşa çenli Çempionlar ligasynda geçiren gollarynyň sany boýunça Lionel Messiden öňe geçdi. “Mançester Sitiniň” hüjümçisi düýn “Ýang Boýz” toparyna garşy oýunda iki gol geçirip (3:0), Çempionlar ligasynda 38-nji we 39-njy goluny hasabyna ýazdy. Bu barada championat.com habar berýär.

24 ýaşa çenli ÇL-däki gollarynyň sany boýunça Holand Lionel Messiden (37) öňe geçip, ikinji orna çykdy. Indi oňa bu görkeziji boýunça lider bolan Kilian Mbappe (40) bilen deňleşmek üçin bir gol geçiräýmek galdy.