Transfermarkt karýerasynda iň uly transfer çykdajylary bolan oýunçylary atlandyrdy

10.11.2023, 17:4713,351

Transfermarkt portaly öz Telegram kanalynda tutuş futbol karýerasynda satyn alynmagy üçin umumy transfer çykdajylary ýokary bolan oýunçylaryň reýtingini ýerleşdirdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Bu reýtingde birinji orny “Al-Hilýalyň” braziliýaly hüjümçisi Neýmar eýeledi, oňa üç transferi üçin 400 mln ýewro golaý çykdajy edildi. Ikinji orunda “Romanyň” hüjümçisi Romelu Lukaku ýerleşdi – onuň üçin sekiz transfere jemi 339 mln ýewro sarp edildi. Liderleriň üçlügini “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu jemledi, onuň dört transferi üçin 247 mln ýewro sarp edildi.

Karýerasyndaky transferleri üçin iň köp çykdajy edilen oýunçylaryň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Neýmar (“Al-Hilýal”, 3 transfer üçin 400 mln ýewro);
  2. Romelu Lukaku (“Roma”, 8 transfer üçin 339 mln ýewro);
  3. Kriştianu Ronaldu (Al-Nasr”, 4 transfer üçin 247 mln ýewro);
  4. Usman Dembele (“PSŽ”, 3 transfer üçin 220 mln ýewro);
  5. Alwaro Morata (Madridiň “Atletikosy”, 6 transfer üçin 189 mln ýewro);
  6. Filippe Koutino (“Al-Duhail”, 5 transfer üçin 180 mln ýewro);
  7. Antuan Grizmann (Madridiň “Atletikosy”, 4 transfer üçin 180 mln ýewro);
  8. Kilian Mbappe (“PSŽ”, 1 transfer üçin 180 mln ýewro);
  9. Anhel Di Mariýa (“Benfika”, 4 transfer üçin 179 mln ýewro);
  10. Zlatan Ibragimowiç (karýerasyny tamamlady, 7 transfer üçin 169 mln ýewro).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.