FourFourTwo Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy oýny saýlady

10.11.2023, 18:3313,106

Çempionlar ligasynyň “Milan” – “Liwerpul” final oýny (3:3, penalti boýunça 2:3) “FourFourTwo” neşiri tarapyndan ýaryşyň taryhynda iň gowy oýun hökmünde saýlandy. Bu barada championat.com habar berýär. Mersisaýdlylar arakesmä çenli 0:3 hasabynda utuldylar, ýöne oýnuň ikinji ýarymynda olar alty minutyň içinde hasaby deňlemegi başardylar. Goşmaça wagt golsuz geçdi, penalti tapgyrynda bolsa Liwerpulyň topary has güýçli boldy.

ÇL-iň taryhynda iň gowy oýunlaryň ilkinji onlugy:

  1. “Milan” – “Liwerpul” (3:3, penalti boýunça 2:3), 2004/2005-möwsümi;
  2. “Barselona” – “PSŽ” (6:1), 2016/2017-möwsümi;
  3. “Mançester Ýunaýted” – “Bawariýa” (2:1), 1998/1999-möwsümi;
  4. “Milan” – “Barselona” (4:0), 1993/1994-möwsümi;
  5. “Deportiwo” – “Milan” (4:0), 2003/2004-möwsümi;
  6. “Monako” – Madridiň “Realy” (3:1), 2003/2004-möwsümi;
  7. “Ýuwentus” – “Mançester Ýunaýted” (2:3), 1998/1999-möwsümi;
  8. “Aýaks” – “Tottenhem” (2:3), 2018/2019-möwsümi;
  9. Dortmundyň “Borussiýasy” – “Malaga” (3:2), 2012/2013-möwsümi;
  10. “Werder” – “Anderleht” (5:3), 1993/1994-möwsümi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.