ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary B5+1 işewürlik platformasyny işe girizýär

17.11.2023, 08:265,893

Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we ABŞ döwlet-hususy pudagyň dialogyny güýçlendirmek maksady bilen işewürler platformasy (Business 5+1) işe girizilýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça Býurosy habar berýär.

«Işewürlik platformasynyň maksady sebitleýin ykdysady integrasiýa, özgertmeler, döwlet-hususy dialogy, innowasiýa we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ykdysady howpsuzlygy ösdürmekden ybaratdyr» diýlip habarda aýdylýar.

«Business 5+1» platformasynyň ilkinji ýygnagy 2024-nji ýylda Almatada (Gazagystan) geçiriler.
Belläp geçsek, bu işewürlik platformasy «C5+1» formatynyň üstüni ýetirer we Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.