Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly sebit meselelerini maslahatlaşdy

21.11.2023, 05:179,422
20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

«Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar» diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.