Ýylyň iň gowy derwezebany adyna dalaşgärler kesgitlendi

22.11.2023, 11:079,110

Globe Soccer Awards-yň wersiýasy boýunça, ýylyň iň gowy derwezebany adyna dalaşgärler belli boldy.

Bu nominasiýada ýeňiş üçin dalaş edýär: Ýassin Bono (“Al-Hilýal”), Diogu Koşta (“Portu”), Tibo Kurtua (Madridiň “Realy”), Janluiji Donnarumma (“PSŽ”), Ederson Moraes (“Mançester Siti”), Mik Menýan (“Milan”), Andre Onana (“Mançester Ýunaýted”), Aaron Ramsdeýl (“Arsenal”), Ýan Zommer (“Inter”) we Mark-Andre ter Ştegen (“Barselona”).
Geçen ýyl Globe Soccer Awards iň gowy derwezeban üçin baýrak gowşurmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.