«Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

30.11.2023, 22:236,919

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça çäreler görülýär. Bu işleri barşy barada wise-premýer B.Amanow şu gün geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli desgalarda abatlamak işleriniň geçirilmegi «Bagtyýarlyk» we «Döwletabat» gaz gysyjy desgalaryndan  türkmen tebigy gazyny sarp edijilere bökdençsiz we ygtybarly akdyrmaga mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere desgalarda düýpli abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.