Serdar Berdimuhamedow harytlaryň bol we elýeterli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

08.12.2023, 22:3735,423

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde harytlaryň bol we elýeterli bolmagyny hemişe gözegçilikde  saklamagyň wajypdygyny belledi. Bu barada döwlet Baştutany anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewiň hasabatyny diňläp, halkymyzyň uly isleg bildirýän harytlarynyň möçberlerini artdyrmagy dowam etmegiň, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde, aýratyn hem, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň, harytlaryň bol we elýeterli  bolmagyny hemişe gözegçilikde  saklamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.