Klimat boýunça indiki COP29 konferensiýasy Azerbaýjanda geçiriler

12.12.2023, 15:483,721

BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň dolandyryş edarasy bolan Taraplaryň konferensiýasy indiki COP29 sammitiniň Azerbaýjanda geçirilmegini tassyklady. TASS-yň habarçysynyň habaryna görä, Taraplar karary bäşinji umumy maslahatda tassykladylar.

9-njy dekabrda Azerbaýjanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Muhtar Babaýew geljek ýyl BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 29-njy konferensiýasyny geçirmek üçin respublikanyň kandidaturasy barada "umumy ylalaşyk" gazanylandygyny habar berdi.
Azerbaýjanyň arzasynyň makullanylmagy üçin COP28-e gatnaşýan Gündogar Ýewropa toparynyň agzalarynyň goldawy gerek boldy. Maslahatyň çäginde geçirilen sebit blogynyň ýygnagynda ýurtlar Azerbaýjanyň kandidaturasyny goldadylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.