«Mançester Ýunaýted» 2023/2024-möwsümdäki oýnan oýunlarynyň ýarysynda ýeňildi

15.12.2023, 07:447,540

Häzirki wagta çenli “Mançester Ýunaýted” ähli ýaryşlarda 24 oýna gatnaşdy we olaryň 12-si ýeňliş bilen tamamlandy. Soňky oýunda Erik ten Hagyň topary “Old Trafford” stadionynda “Bawariýadan” 0:1 hasabynda utuldy.

Şol bir wagtyň özünde, “Mançester Ýunaýted” 24 oýundan diňe bir oýny deňme-deň oýnady – “Galatasaraý” bilen oýun 3:3 hasabynda tamamlandy.
Öýünde “Bawariýadan” utulmak bilen (1:0), “MÝ” Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryny soňky orunda tamamlady. Klub Angliýanyň Premýer-ligasynyň jedwelinde altynjy orny eýeleýär. Angliýanyň ligasynyň kubogyndan “Mançester Ýunaýted” “Nýukasldan” 0:3 hasabynda utulandan soň çykdy. Şeýlelik bilen, häzirki möwsümde “Mançester Ýunaýted” iki ýaryşda oýnamagy dowam etdirýär: APL we Angliýanyň Kubogy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.