Ronaldu bilen Messi Google gözlegleri boýunça iň meşhur türgenleriň ilkinji onlugyna girmedi

15.12.2023, 14:028,626

«Inter Maýaminiň» hüjümçisi Lionel Messi we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda Google arkaly gözlenen türgenleriň ilkinji onlugyna goşulmady. Bu barada championat.com habar berýär.

Bu sanawda birinji orny MFL-iň “Baffalo Bills” klubunyň (amerikan futboly) goragçysy Damar Hemlin eýeledi. Ikinji orunda “PSŽ” fransuz toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe ýerleşdi. Üçlügi “Kanzas-Siti Çifs” klubunyň (MFL) oýunçysy Trewis Kelsi jemledi. Dördünji orunda “Memfisiň” basketbolçysy Ja Morant bar. Bäşinji orny bolsa Mýunheniň “Bawariýasynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.