Ronaldu belorus studiýasynyň kompýuter oýnuna maýa goýdy

15.12.2023, 20:4115,247

«Al-Nasr» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Belarusyň «Strikerz» atly işläp düzüjiler studiýasyndan täze «UFL» futbol simulýatoryna maýa goýdy. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Hüjümçi atlary mälim edilmedik maýadarlar topary bilen bilelikde kompýuter oýnunyň döredilmegi üçin 40 million dollar maýa goýdy. Portugaliýaly futbolçy «UFL-iň» ilçisi bolar we simulýatoryň ýaýradylmagy bilen meşgullanar.
«Ronaldunyň maýadar hökmünde gatnaşmagy öňe ilerlemekde möhüm ädimdir we dünýädäki futbol janköýerleri üçin öňdebaryjy oýun döretmek baradaky garaýşymyzy tassyklaýar. Kriştianu gymmatlyklarymyzy paýlaşýar we biz bilelikde işlemäge şatdyrys» diýip, «Strikerz» studiýasynyň baş direktory Ýewgeniý Naşilow belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.