FourFourTwo Ronaldinýony 2000-nji ýyllaryň iň gowy futbolçysy diýip yglan etdi

17.12.2023, 23:4810,862

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2002-nji ýylyň dünýä çempiony Ronaldinýo «FourFourTwo» neşiri tarapyndan 2000-nji ýyllaryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada neşiriň web sahypasynda habar berilýär.

Ikinji orunda fransuz Týerri Anri ýerleşdi. Ýene bir braziliýaly futbolçy – Ronaldo üçünji orny eýeledi.
Şeýle hem 2000-nji ýyllaryň dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň onlugyna Amerikanyň «Inter Maýami» toparynyň oýunçysy, argentinaly Lionel Messi (4-nji orun), Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi, portugaliýaly Kriştianu Ronaldu (5-nji), fransuz Zinedin Zidan (6), ispaniýaly Hawi (7), ispaniýaly Andres Inýesta (8), portugaliýaly Luiş Figu (9), italýan Andrea Pirlo (10) girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.