FIFA täze klub ýaryşynyň döredilendigini yglan etdi

19.12.2023, 11:4911,496

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) öz resmi saýtynda 2024-nji ýyldan başlap FIFA-nyň Kontinentara kubogy ady bilen täze ýaryşyň geçirilip başlanjakdygyny habar berdi. Ýaryş ýylda bir gezek geçiriler diýip, gazeta.ru belleýär.

Ýaryşa ähli konfederasiýalaryň çempionlary gatnaşar. Final oýnunda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we beýleki konfederasiýalaryň klublarynyň arasyndaky kontinentara pleý-offunyň ýeňijisi oýnar.
FIFA tarapyndan ilkinji tapgyrlar klublar we konfederasiýalar bilen ylalaşmak arkaly meýilleşdiriler. Pleý-off 2024-nji ýylyň 14-nji dekabrynda bitarap ýerde geçiriler. Final 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.