Türkmenistan GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Moskwada geçen mejlisine gatnaşdy

18.12.2023, 23:2714,566
1 / 2

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.

Hökümet Baştutanlary dar we giňeldilen formatda geçirilen ýygnaklaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem hyzmatlaryň erkin söwdasy, ony döretmek, işletmek we maýa goýum goýmak baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylşyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.