Kanadada sabynyň kömegi bilen 220 tonnalyk myhmanhanany süýşürdiler

19.12.2023, 12:2029,282

Kanadanyň Täze Şotlandiýa welaýatynda 200 ýyl gowrak mundan ozal gurlan myhmanhana sabynyň kömegi bilen süýşürildi diýip, MIR24 habar berýär.

Sabyn agramy 220 tonna bolan binanyň binýadynyň düýbünde ýerleşdirildi. Bu binanyň aşagynyň taýgançak bolmagy üçin edildi. Şeýlelikde, binany birnäçe metr süýşürmek başartdy.
Bellenilmegine görä, iş birnäçe gün dowam etdi we taryhy ýadygärlige hiç hili zeper ýetmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.