ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tokaý ýangynlaryndan dörän tüssäniň Amerikanyň çäklerine ýaýramagy boýunça jogapkärçiligi Kanadanyň üstüne ýükledi we goňşy ýurda garşy goşmaça söwda paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy. Ol bu barada Truth Social-da mälim etdi.
Ак öýüň ýolbaşçysy: «Biz Kanadany öz tokaýlaryna we gyrymsy agaçlaryna talabalaýyk seretmeýändigi hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gerekmejek hapa, zäherlenen we saglyga zyýanly howa çozuşyna sezewar bolýandygy üçin jogapkär hasaplaýarys. Bu howanyň hili örän howply we asla kabul ediler ýaly däl!» diýip ýazdy.
Ol bu ýagdaýy «göz-görtele äsgermezlik» diýip atlandyrdy we şeýle meseläniň her ýyl ýüze çykyp, ABŞ-na «milliardlarça dollara» düşýändigini belledi.
Amerikan prezidentiniň aýtmagyna görä, ol bu meseläni Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni bilen ara alyp maslahatlaşmagy hem-de Ottawanyň mundan beýläk şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin nähili çäreleri görmegi meýilleşdirýändigini anyklamagy göz öňünde tutýar. Tramp howanyň hapalanmagy bilen bagly çykdajylaryň kanada harytlaryna goýuljak gümrük paçlary kesgitlenende göz öňünde tutulmalydygyny-da sözüne goşdy.
Mundan öň Kanadada bolup geçen uly göwrümli tokaý ýangynlary sebäpli birnäçe ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary göçürilipdi. 17-nji iýulda bolsa ýangynlaryň tüssesi Nýu-Ýorka çenli ýetip, asmany sap-sary reňke boýady we howanyň hiline zyýan ýetirdi.