ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

28.05.2026, 14:3613,060

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar.

​Muňa janköýerleriň nyrhlaryň birden ýokarlanmagy we ýaryşyň oýunlaryna, şol sanda final duşuşygyna ýerleriň paýlanyşygy wagtynda alyjylaryň ýalňyşdyrylyp biljekdigi baradaky şikaýatlary sebäp boldy.

​Prokuraturanyň maglumatlaryna görä, bilet satuwy başlanandan soň, FIFA ýerleriň kategoriýa ulgamyny üýtgetdi we munuň netijesinde alyjylaryň bir bölegine garaşanlaryndan has pes ýerlerden bilet ýetdi. Şeýle-de üýtgeýän dinamik baha ulgamy hem barlanylýar.

​Derňew gullugy köp oýunlaryň bilet nyrhlarynyň ortaça 34% ýokarlanandygy baradaky maglumatlary öwrenýär. Häkimiýetler FIFA-nyň bu ädimleriniň bahalaryň emeli usulda galdyrylmagyna we sarp edijileriň hukuklarynyň bozulmagyna getirendigini ýa-da däldigini anyklamagy maksat edinýärler.

​2026-njy ýyldaky Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Turniriň final oýny 19-njy iýulda ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde ýerleşýän «MetLife Stadium» sport meýdançasynda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.