Transfermarkt dünýäde iň gymmat düzümli 10 futbol klubuny aýtdy

26.12.2023, 23:4513,214

Transfermarkt internet-portaly öz telegram-kanalynda futbol klublarynyň arasynda iň gymmat düzümleriň reýtingini ýerleşdirdi. Birinji orny Angliýanyň “Mançester Siti” kluby eýeledi – toparyň düzüminiň bahasy 1,29 mlrd ýewro barabar. Ikinji orny Londonyň “Arsenaly” eýeleýär – onuň düzümi 1,11 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar. Liderleriň üçlügini Madridiň “Realy” jemleýär. Klubuň düzüminiň bahasy 1,04 mlrd ýewro diýip, championat.com belleýär.

Klublaryň arasynda iň gymmat düzümleriň ilkinji onlugy:

  1. “Mançester Siti” – 1,29 mlrd ýewro;
  2. “Arsenal” – 1,11 mlrd ýewro;
  3. “Real” – 1,04 mlrd ýewro;
  4. “PSŽ” – 1,04 mlrd ýewro;
  5. “Çelsi” – 984 mln ýewro;
  6. “Bawariýa” – 932 mln ýewro;
  7. “Liwerpul” – 867 mln ýewro;
  8. “Barselona” – 818 mln ýewro;
  9. “Mançester Ýunaýted” – 795 mln ýewro;
  10. “Tottenhem Hotspur” – 755 mln ýewro.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.