Tăze ýyl günleri Aşgabatda garaşylýan howa maglumaty

28.12.2023, 18:0035,897

2023-nji ýylyň ahyry, 2024-nji ýylyň başy Aşgabatda güneşli, ýöne ýeterlik derejede salkyn howa bolar. Degişli maglumatlary Gismeteo howa maglumatlar portaly hödürledi.

Şeýlelikde, geljek dynç günleri paýtagtymyzda howanyň temperaturasy +11...+14 gradus aralygynda bolar, ygal düşmez.

Anna gününden howanyň temperaturasy birden pese düşer: eger şu gün temperatura +23 gradusa ýetýän bolsa, ertir ol +9 gradusa çenli peseler, gijesine az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, umuman, gün bulutly bolar we ol diňe günortana golaý açylar.

Geljek ýylyň başynda hem howa bulutly bolar; howanyň temperaturasy +13...+14 gradusda saklanar, ygal ýagmaz. Gijelerine howanyň temperaturasy +2...+6 gradusa ýeter.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.