Nýu-Ýorkda 4-nji dekabry repçi Jay-Z-niň güni diýip yglan etmek isleýärler

31.12.2023, 14:576,523

Nýu-Ýorkda amerikaly repçi Jay-Z-niň (hakyky ady Şon Kori Karter) doglan güni mynasybetli 4-nji dekabry Jay-Z-niň güni diýip yglan etmek isleýärler. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Şeýle teklip bilen Nýu-Ýorkyň şäher geňeşiniň agzalary çykyş etdiler. Repçi Bruklinde dünýä indi we Bedford-Staýwesant etrabynda ulaldy. Ol çagalykda ejesiniň bumboks enjamyny sowgat bermegi bilen aýdym-saza bolan söýgüsiniň dörändigini belleýär.
Kanunyň taslamasynda şol günde zehinli MC, aýdymlaryň awtory we täzelikçi-telekeçi bolan Jay-Z-niň şanyna dabaralaryň guraljakdygy aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.