Bitkoiniň bahasy 2022-nji ýylyň aprelinden bäri ilkinji gezek 45 müň dollardan geçdi

04.01.2024, 16:574,704

2022-nji ýylyň 5-nji aprelinden bäri ilkinji gezek söwda sessiýasynda bitkoiniň bahasy 45 müň dollardan geçdi. Muňa Coindesk platformasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär diýip, Trend habar berýär.

Walýuta ösmegini dowam etdirip, birnäçe wagtlap 45 374 dollarda saklanyp, + 6,93% boldy.
Hünärmenleriň 2024-nji ýylda bitkoiniň rekord ýokarlanmagyny çaklaýandygyny bellemelidiris. Bitkoin 2024-nji ýylyň aprel aýynyň başyna, takmynan, 46 900 dollar bahadan söwdalaşylar diýlip garaşylýar.
Bitkoin blokçeýn tehnologiýasyna esaslanýan merkezleşdirilmedik kriptowalýuta ulgamydyr. Ol täze bloklary döretmek bilen, ulgamyň islendik gatnaşyjysy tarapyndan "gazanylyp" (emitirlenip) bilner. Bitkoiniň emissiýasy tebigy taýdan çäklidir, häzirki wagtda bitkoiniň köpüsi eýýäm emitirlendi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.