Joşua bilen Ngannu mart aýynda Saud Arabystanynda söweşer

07.01.2024, 16:365,769

Agyr agramda boks boýunça dünýäniň eks-çempiony Entoni Joşua bilen UFC-niň titulynyň öňki eýesi Frensis Ngannu 9-njy martda Saud Arabystanynda 10 raundlyk boks söweşini geçirer. Bu barada MMA Junkie portaly habar berýär.

Ngannu professional ringde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek çykyş etdi. Ol agyr agramda WBC-niň titulynyň eýesi Taýson Fýuri bilen söweşdi. Bu söweşde Frensis emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňildi.
Joşua soňky gezek ringe 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda Otto Walline garşy çykdy. Bäşinji raundda togtadylan bu söweş Entoniniň peýdasyna tehniki nokaut bilen tamamlandy. Onuň hasabynda 27 ýeňiş (24-üsi nokaut bilen) we üç ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.