“Forbes” dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingini hödürledi

07.01.2024, 16:598,600

“Forbes” žurnaly dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň sanawyny hödürledi. Toparlara infrastrukturasy, düzümi we sport bazaryndaky täjirçilik ýagdaýy boýunça baha berildi. Bu barada championat.com habar berýär.

Şeýlelikde, birinji orny hünärmenler tarapyndan bahasy 5 mlrd 490 mln ýewro diýlip hasaplanan Madridiň “Realy” eýeledi. Ikinji orna “Mançester Ýunaýted” mynasyp boldy. Klubdaky hakyky çökgünlige garamazdan, onuň bahasy henizem ýokary bolup, 5 mlrd 427 mln ýewro barabardyr. Liderleriň üçlügini 4 mlrd 984 mln ýewro bilen “Barselona” jemleýär.
Belläp geçsek, reýtingiň ilkinji onlugyndaky toparlaryň aglabasy APL-iň toparlary bolup, A seriýadan ýekeje-de topar ýokdur.
“Forbes” boýunça dünýäniň iň gymmat klublarynyň ilkinji onlugy:

  1. “Real” – 5,5 mlrd ýewro;
  2. “Mançester Ýunaýted” – 5,4 mlrd ýewro;
  3. “Barselona” – 4,9 mlrd ýewro;
  4. “Liwerpul” – 4,7 mlrd ýewro;
  5. “Mançester Siti” – 4,5 mlrd ýewro;
  6. “Bawariýa” – 4,3 mlrd ýewro;
  7. “PSŽ” – 3,8 mlrd ýewro;
  8. “Çelsi” – 2,8 mlrd ýewro;
  9. “Tottenhem” – 2,5 mlrd ýewro;
  10. “Arsenal” – 2,4 mlrd ýewro.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.