Magnus Karlsen dalaşgärler ýaryşyna gatnaşmaz

08.01.2024, 18:203,805

Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony norwegiýaly Magnus Karlsen dalaşgärler ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Muny Chess.com portalyna salgylanyp, TASS ýetirýär.

Dalaşgärleriň ýaryşy 2-nji aprelden 25-nji aprel aralygynda Torontoda geçiriler. Karlsen ýaryşa gatnaşmazlygynyň sebäbini ony halamaýandygy bilen düşündirdi.
2022-nji ýylda Karlsen dünýäniň küşt täji üçin oýnamakdan ýüz öwürdi, bu oýunda ol russiýaly Ýan Nepomnýaşiý bilen duşuşmalydy. Şondan soň ol dünýä çempiony adyndan mahrum edildi. Karlsen çempion titulyny 2013-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda saklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.